Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

COVID-19: Alymlar waksina gözleýärkä Ýewropa üzňelikden çykyp başlady


BSG Şwesiýany koronawirusa garşy göreşde "görelde" diýip atlandyrdy

Koronawirusdan iň uly ýitgi çeken ýurtlaryň biri Italiýa iki aýlap dowam eden çäklendirmelerden çykyp başlady. 4-nji maýda ýurduň gurluşyk desgalary we kärhanalary işläp başlady.

Ýewropanyň ençeme ýurdy pandemiýanyň gowşamagy bilen baglylykda çäklendirmelerini ýuwaş-ýuwaş ýatyryp başladylar.

Dünýäniň ýarysynda girizilen üzňelikli çäreler global ykdysadyýete uly zarba boldy.

Dünýäde koronawirusyň iň güýçli ýaýran ýurdy ABŞ-nyň prezidenti saglyk resmileriniň howpsuz waksinany işläp döretmek we ýeterlik mukdarda öndürilmek üçin azyndan bir ýylyň gerekdigini aýtmagyna garamazdan, öz ýurdunyň koronawirus waksinasyna "ýylyň aýagyna çenli" eýe boljagyna ynanýandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG