Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada aprel boýunça ölüm derejesi 20% göterilipdir


Orsýetde koronawirusdan ýogalanlary ýörite geýimli jaýlaýarlar, merhumyň ýakynlary uzak ýerde durýar. Sankt Peterburgyň Kolpino gonamçylygynda COVID-19 pidalary üçin bölegi, 10-njy maý, 2020

Moskwanyň resmi hasaba alyş edaralary şu ýylyň aprel aýynda şäherde ölüm derejesiniň soňky 10 ýylyň dowamyndaky ýagdaý bilen deňeşdirilende 20% ýokary bolandygyny aýdýarlar.

Resmi sanlara görä, aprelde Moskwada 11 846 adam ýogalypdyr. Soňky on ýyla degişli iň ýokary san 9866 adamdan ybarat bolupdyr.

Bu sanlar Orsýetde koronawirusyň Ýewropa boýunça iň çalt ýaýraýan döwrüne gabat gelýär. Şol bir wagtda-da koronawirusdan ýogalanlaryň resmi sanynyň 0,9% derejesinde ýokary däldigi, häkimiýetleriň sanlary aşakladýan bolmagyny çak etmäge esas döredýär.

11-nji maýda Orsýetiň saglyk resmileri COVID-19 bilen 11 656 täze kesellänleriň hasaba alnandygyny şol sanda 94 adamyň ýogalandygyny habar berdiler. Ýurt boýunça kesellänleriň umumy sany 221 344 adama ýetdi, 2 009 ýogaldy.

Deňeşdirme üçin Italiýada 219 070 adam keselledi, 30 560 adam ýogaldy, Fransiýada 177 094 adam keselledi, 26 383 adam ýogaldy. Bu sanlary ABŞ-da ýerleşýän Johns Hopkins Uniwersiteti berýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG