Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan IIM-i: Ýaragly adamlar “Serhetsiz lukmanlar” guramasynyň Kabuldaky klinikasyna hüjüm etdi


Owgan polisiýa ofiserleri Kabuldaky hüjümiň bolan ýerine bardylar. 12-nji maý, 2020 ý.
Owgan polisiýa ofiserleri Kabuldaky hüjümiň bolan ýerine bardylar. 12-nji maý, 2020 ý.

12-nji maýda ýaragly adamlar “Serhetsiz lukmanlar” guramasynyň owgan paýtagty Kabulyň günbatar bölegindäki lukmançylyk klinikasyna hüjüm etdiler diýip, Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda aýtdy.

Ministrligiň metbugat wekiliniň orunbasary Marwa Amini bu ýerde owgan ýörite güýçleriniň ýerleşdirilendigini hem belledi.

Wakada pidalaryň bolandygy ýa-da bolmandygy barada häzirlikçe takyk maglumat ýok. Şeýle-de, hüjümiň jogapkärçiligini heniz hiç bir topar öz üstüne almady.

Maglumatlara görä, wakanyň bolan wagty ýurduň saglyk ministriniň orunbasarynyň klinika baran bolmagy ähtimal.

Fransuz ady “Médecins Sans Frontières” bilen hem tanalýan “Serhetsiz lukmanlar” guramasyndan häzirlikçe kommentariý alyp bolmady.

XS
SM
MD
LG