Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Tesla” Kaliforniýadaky zawodyny rugsatnamasyz gaýtadan açýar


"Tesla" kompaniýasynyň Kaliforniýadaky edarasy.
"Tesla" kompaniýasynyň Kaliforniýadaky edarasy.

“Tesla” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Elon Musk, koronawirus pandemiýasy sebäpli edara-kärhanalary ýapyk saklamak baradaky buýruga garamazdan, şereketiň Kaliforniýadaky zawodynda önümçiligiň gaýtadan başlajakdygyny aýtdy.

Musk bu baradaky kararyny Twitter sosial ulgamynda mälim edip, özüniň önümçiligiň hatarynda boljakdygyny we tussag edilmek töwekgelçiligine taýýardygyny aýtdy.

"Eger kimdir biri tussag edilse, men munuň diňe özüm bolmagyny soraýaryn" diýip, ol belledi.

Şeýle-de, Musk ýagdaýyň “örän bulaşykdygyny”, sebäbi döwlet işgärleriniň zawodyň açylmagyny tassyklandygyny, ýöne soňra munuň ýerli häkimiýetler tarapyndan petiklenendigini hem aýtdy.

Mundanam başga, Musk Birleşen Ştatlardaky beýleki awtoulag öndürijileriniň işiniň gaýtadan açylmagyna rugsat berlenden soň, "Teslanyň" özüni “ýekelenýän” ýaly duýýandygyny belledi.

Soňky hepdelerde Musk Kaliforniýanyň koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça girizen çäklendirmelerine nägilelik bildiripdi.

Hepdäniň ahyrynda kompaniýa zawodyň açylmagyna rugsat berilmändigi sebäpli ýerli häkimiýetlere garşy kazyýet işini gozgady we Teslanyň ştab-kwartirasyny Kaliforniýadan çykaryp, başga ştata geçirmek barada haýbat atdy.

XS
SM
MD
LG