Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BSG COVID-19-yň “asla ýitip ýok bolmazlygynyň ahmaldygyny” duýdurýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Bütindünýä Saglyk Guramasynyň (BSG) ýokary derejeli resmisi täze koronawirusyň “asla ýitip gitmezliginiň” ahmaldygyny, onuň WIÇ ýaly endemiki häsiýete öwrülmeginiň mümkindigini duýdurdy.

BSG-niň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça müdiri Maýkl Raýanyň bu çaklamalary, ýurtlaryň zyýan çeken ykdysady pudagy täzeden işjeňleşdirmek bilen bir hatarda ýokançlygyň ikinji tolkunynyň öňüni almak üçin göreşýän wagtlaryna gabat gelýär.

“Bu meseläni ara alyp maslahatlaşmak möhümdir: bu wirus hem biziň jemgyýetlerimizde ýene bir endemiki wirusa öwrülip biler, we munuň asla ýitip ýok bolmazlygy mümkin” diýip, Raýan onlaýn brifingde aýtdy.

Oňa garşy waksina oýlanyp tapylsa-da bu wirusa gözegçilik etmek “köp tagalla” talap edýär, diýip ol aýtdy we sanjymlar bejergi usullary oýlanyp tapylan-da bolsa gyzamygyň heniz hem bardygyny mysal berdi.

Bu duýduryş COVID-19 ýolugan adamlaryň tassyklanan resmi sanynyň tutuş dünýä boýunça 4,3 million adama, ondan ölenleriň sanynyň 300 müň töweregi adama ýeten wagty berildi.

XS
SM
MD
LG