Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baý özbek senatory bent heläkçiligi bilen baglanyşdyrylýar


Bent ýykylansoň, prezidenti Şawkat Mirziýow (çepde) taslamanyň gurluşygyna gatnaşan baý senator Abdugani Sanginow bilen bilelikde waka bolan ýerine geldi.
Bent ýykylansoň, prezidenti Şawkat Mirziýow (çepde) taslamanyň gurluşygyna gatnaşan baý senator Abdugani Sanginow bilen bilelikde waka bolan ýerine geldi.

Metbugatda, hususan-da sosial mediada hökümetiň Sardoba bendiniň gurluşygyna, 2017-nji ýylda tamamlanan millionlarça dollarlyk sekiz ýyllyk taslama jogapkär adamlary jogapkärçilige çekmegi babatda çagyryşlar edildi.

Özbek häkimiýetleri şu aýyň başynda azyndan dört adamyň ölümine we on müňlerçe adamyň öýlerinden bosmagyna sebäp bolan bent çökmesiniň sebäbini derňeýändiklerini aýdýarlar.

Resmiler bu oňaýsyz wakany "adatdan daşary güýçli tupan" bilen baglanyşdyrýarlar.

Emma metbugatda, hususan-da sosial mediada hökümetiň Sardoba bendiniň gurluşygyna, 2017-nji ýylda tamamlanan millionlarça dollarlyk sekiz ýyllyk taslama jogapkär adamlary jogapkärçilige çekmegi babatda çagyryşlar edildi.

Prezident Şawkat Mirziýoýewiň resmi web sahypasynda aýdylmagyna görä, Jizzah we Syrderýa sebitleriniň ekin meýdanlaryny suwarmaga niýetlenen we 922 million kub metr suw saklamaly bendi gurmak başlangyjynyň arkasynda şol wagt premýer-ministr bolan Mirziýoýew dur.

1-nji maýda ýykylan bent özbekleriň arasynda korrupsiýa, tanyş-bilişlik ähtimallyklary, şeýle-de taslamanyň başlangyç döwründen uç alyp biljek gümürtiklik, aç-açanlygyň bolmazlygy baradaky soraglary döretdi.

Şeýle-de bu waka bent taslamasynyň gurluşygyna eýeçiligindäki hususy kompaniýa arkaly ýakyndan gatnaşan baý senator Abdugani Sanginowa ünsi çekdi.

61 ýaşyndaky Sanginowyň Mirziýoýew bilen onlarça ýyl öň, studentlik ýyllaryndan başlanan ýakyn dostlugynyň bardygy aýdylýar.

Mirziýoýew 5-nji maýda geçirilen hökümet maslahatynda "Sardoba suw howdanyndaky pajygada jogapkärçiligi bolan adamyň kimdigine garamazdan kanuny jogapkärçilige çekiljekdigini" aýtdy.

Şondan iki gün soň bolsa Sanginow bendiň çökmegini derňemek boýunça döredilen ýörite hökümet toparynyň ýolbaşçylygyna bellendi.

Sanginowyň Sardoba bilen baglanyşygy

Dokumentler Özbegistanyň Suw serişdeleri ministrligine garaşly UzSuvEnergo birleşiginiň bent gurmak boýunça tenderi, şertnama bäsleşigini 2010-njy ýylda gurnandygyny görkezýär.

Ýöne bu taslama arkaly mümkin bolan gatnaşyjylara girdejili şertnamanyň teklip edilýändigi açyk habar berlene meňzemeýär.

Resmi dokumentler Sanginowyň şol wagt UzSuvEnergonyň başlygy bolandygyny görkezýär.

Ol ÖzbekHidroEnergo atly paýdarlar jemgyýetine öwrülensoň, bu birleşige 2008-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli ýolbaşçylyk etdi. Sanginow indi ÖzbekHidroEnergo-nyň müdiriýetiniň başlygy bolup durýar.

Özbek-gazak serhediniň golýaynda suw basan ýerleriň hemradan alnan suraty. 3-nji maý, 2020.
Özbek-gazak serhediniň golýaynda suw basan ýerleriň hemradan alnan suraty. 3-nji maý, 2020.

Şertnama soňra Surhondarýo sebitiniň Sariosiýo etrabynda hasaba alnan hususy kärhana, "Topalang" suw gurluşyk kompaniýasyna berildi.

Özbegistandaky çeşmeleriň birnäçesi Azatlyga "Topalanga" Sariosiýo etrabynda doglan Sanginow tarapyndan gözegçilik edilýändigini aýtdy.

Emma Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy "Topalanga" hakykatdan hem Sanginowyň eýeçilik edýändigini garaşsyz ýagdaýda tassyklap bilmedi.

Ýöne bu dogry bolsa, Sanginow möhüm wezipede işleýän we girdejili döwlet şertnamasyny öz kompaniýasyna bermegi başarýan resmi bolup çykýar.

Indi bolsa ol hamala öz kompaniýasy tarapyndan gurlan bendiň ýykylmagynyň sebäplerini derňemeli we gurluşyk işinde nähili ýalňyşlyklaryň goýberilendigini anyklamaly, soňundan bu barada jemgyýetçilige habar bermeli komissiýanyň agzasy bolup durýar.

Bu komissiýa ýüze çykaran kemçilikleri barada hasabat bermek üçin bir aý wagt berildi.

Sanginowy köpden bäri tanaýan çeşmeler prezident bilen senatoryň gatnaşyklarynyň onlarça ýyl bäri dowam edýändigini, olaryň student ýyllarynda kireýine alnan ýaşaýyş jaýynda bile ýaşandyklaryny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy bu aýdylýanlary tassyklap bilmedi.

Anonimlik şertinde gürleşen özbek resmisi Azatlyk Radiosyna bu iki adamyň "ýakyn dostdygyny" we olaryň ýene bir umumy wepadar dostlarynyň bardygyny aýtdy.

"Sanginow merhum Fahriddin Nizomiddinowyň hem gaty ýakyn dostydy, onuň kiçi dogany Zainilobiddin prezident administrasiýasynyň başlygy" diýip, çeşme aýtdy.

"Sariosiýo etrabynyň başlygynyň orunbasary bolup işlän Fahriddin Nizomiddinow Mirziýoýew bilen gaty gowy gatnaşyk saklady" diýip, çeşme sözüniň üstüni ýetirdi.

"Nizomiddinow kiçi dogany Zainilobiddine halypalyk etdi we ony Mirziýoýewiň gol astynda işlemäge iberdi" diýip, ol aýtdy.

Sardoba bendi

"Sanginow bilen Nizomiddinowlar Mirziýoýew bilen hemişe ýakyn dostlukly gatnaşyk saklaýar" diýip, resmi aýtdy.

Özbek sosial mediasynda üns Sanginowyň Sardoba baglanyşyklaryna we Mirziýoýew bilen aradaky ýakyn gatnaşyklaryna jemlenensoň, köpler bent ýykylmagyndaky günäniň ahyrynda kime we nirä ýüklenjekdigi bilen gyzyklanýar.

Resmi düşündiriş

Bent 1-nji maýda irden ýarylyp, Sardoba, Okoltin we Mirzoobod etraplarynyň 22 obasynda 70 müň töweregi adamyň ewakuasiýa edilmegine sebäp boldy.

Resmiler azyndan dört adamyň ölendigini, başga biriniň dereksiz ýitendigini we ýene 56 adamyň ýaralanyp, keselhana ýerleşdirilendigini aýdýarlar.

Silden soň 5000 töweregi adam goňşy Gazagystana ewakuasiýa edildi.

Özbek resmileriniň aýtmagyna görä, sebitde maý aýynyň başynda turan güýçli ýel tupany suw howdanynda "güýçli suw tolkunlarynyň" döremegine sebäp bolup, bendiň aşaky bölegine zeper ýetiripdir.

"Bendiň iň beýik nokady 32 metr, iň pes nokady 28 metr" diýip, Suw serişdeleri ministrliginiň suw howdanlaryna gözegçilik bölüminiň başlygy Şerifjon Kuçkorow aýtdy. "Bendiň aşaky bölegi tolkunlara tap getirmän opuryldy" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Emma muňa garamazdan, şuňa meňzeş taslamalar bilen tanyş bolan özbek ekspertleriniň birnäçesi bendiň öz-özünden ýykylmagyny "korrupsiýanyň" we "ogurlygyň" netijesi hasaplaýar.

Bendiň gurluşygyna gatnaşan bir özbek hünärmeni, taslamanyň ähli ugurlarynda burçlary bikanun gysgaltmak üçin, öz atlandyrmagyna görä, "ogurlyk shemalaryň" ulanylýandygyny öňe sürdi.

"Ogurlyk shemasy örän ýönekeý: Mysal üçin, dizaýna görä taslamanyň belli bir böleginde 1000 kub metr çäge ulanmaly. Munuň ýerine bary-ýogy 500 kub metr ulanýarsyňyz. Daş we beton ýaly beýleki gurluşyk materiallary babatynda edil şonuň ýaly edýärsiňiz"diýip, ol aýtdy.

Emma ol Sardoba taslamasy barada anyk maglumatlarynyň bardygyny aýtmady.

"Düzgünler esasynda we hiç bir ýalňyşsyz gurlan bolanlygynda, ol ilkinji turan ýel-harasatda synmaly däl" diýip, ekspert aýtdy.

Ol munuň ýaly shemalaryň arkasynda duran adamlaryň "ynanyp bolmajak derejede baý" bolýandygyny hem sözüne goşdy.

Syrderýa sebitinden bir potratçy AÝ/AR bilen söhbetdeşlikde Sardoba bendiniň diwarlarynyň gurluşygynda işländigini we gurluşyk materiallarynyň ogurlanmagynyň giň ýaýran hadysa bolandygyny gürrüň berdi.

"Gurluşykda ulanylýan daş we ezilen daş ýaly gurluşyk materiallarynyň talap edilýän derejelerinden has az bolandygyny özümem anyk bilýärin" diýip, ol aýtdy.

Onuň sözlerine görä, käbir materiallar ýolda, olary gurluşyk ýerine alyp gelýän ýük maşynlarynyň sürüjileri tarapyndan goňşy obalaryň ýaşaýjylaryna satylypdyr.

"Taslamanyň takyk, hünärmenleriň anyk hasaplamalary esasynda, düzgüne laýyklykda işlenip düzülen bolmagy mümkin, ýöne gurluşyk prosesi telekeçiligiň özbek görnüşi diýilýän esasynda amala aşyryldy" diýip, ol erkek sözüniň üstüni ýetirdi.

Öňki potratçy bu hili iş usullarynyň Özbegistanda giňden ýaýrandygyny aýtdy.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolanlaryň hemmesi, meseläniň ynjyklygyny we bu tema dahylly adamlaryň ýokary derejeli resmiler bilen baglanyşyklydygyny aýdyp, öz atlarynyň aýdylmazlygyny sorady.


Halynyň aşagyny süpürdiňizmi?

Özbegistan 2019-njy ýylda "Transparency International" guramasynyň korrupsiýa görkezijileri boýunça taýýarlan indeksinde 180 ýurduň arasynda 153-nji orny eýeledi.

Özbekleriň käbiri resmileriň bu meseläni, derňew döwrüniň ýarysyna golaýyny geçen ýörite hökümet toparynyň tagallasy bilen, bassyr-ýussur etmäge synanyşjakdygyny aýdýar.

Emma muňa garamazdan, suw howdanyna gözegçilik bölüminiň başlygy Kuçkorow Sardoba derňewiniň aç-açan we adalatly boljakdygyny halka ynandyrmaga synanyşdy.

Kuçkorow Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde "Ähli günäniň güýçli harasatyň üstüne atyljakdygy we hakyky günäkärleriň jezadan gutuljakdygy barada edilýän çaklamalar düýpden esassyz" diýdi.

"Hökümet komissiýasy Sardoba wakasynyň ähli sebäplerini anyklar we adalatly netije çykarar" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Azatlyk radiosynyň Özbek gullugynyň maglumatlary esasynda Farangis Nejibullah tarapyndan ýazyldy.

XS
SM
MD
LG