Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýanyň prezidenti saglygy goraýyş reformasyndaky ýalňyşlygy boýun aldy


Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron iki ýyl ozal başlanan saglygy goraýyş reformasy strategiýasyndaky ýalňyşlygy boýun aldy.

Ol 15-nji maýda Pariždäki Pitýe-Salpetrier hassahanasyna baranda saglygy saklaýyş jemgyýetine we raýatlara ýüzlenip çykyş etdi.

Döwlet baştutany bilen geçirilen duşuşykda lukmanlar oňa mart aýynyň ahyrynda beren wadasyny ýatlatdylar. Makron şonda Fransiýanyň saglyk ulgamyna "saglygy goraýyşa we aýlyk haklaryna gaýtadan baha bermek" üçin uly maýa goýumlaryny wada berdi.

Keselhana ulgamynyň “bu hili garyplaşmagygynyň soňuna çykmaly" diýip, prezident boýun aldy we Saglygy goraýyş ministrliginiň maýa goýum planyny işläp düzmek üçin "gyssagly işleýändigini" tassyklady diýip, “France Internationale” radiosy habar berýär.

Fransuz hökümeti 15-nji maýda fransuz hassahanalarynda işleýänlere epidemiýada mahalynda işlänligi üçin bir gezeklik sylag tölemek barada ýörite karar çykardy.

Ýurduň COVID-19 epidemiýasyndan iň köp ejir çeken 40 sebitinde lukmanlara 1500 ýewro berler. Ýurduň beýleki hassahanalarynda işlän lukmanlara 500 ýewro sylag berler.

Keselhananyň işgärleri bu pullary maý aýynyň ahyrynda ýa-da iýun aýynda alarlar. Goşmaça tölegler salgytlardan we sosial ätiýaçlandyryş gatançlaryndan boşadylýar.

XS
SM
MD
LG