Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň gündogarynda 'Talybanyň' hüjümi zerarly ýedi adam wepat boldy


Owganystanyň Ghazni welaýatynda awtoulagda goýlan bomba partladyldy, 18-nji maý, 2020

"Talybanyň" Owganystanyň gündogarynda awtoulagda goýlan bombany partlatmak bilen 18-nji maýda aňtaw bazasyna amala aşyran hüjümi zerarly azyndan 7 adam wepat boldy we onlarçasy ýaralandy.

Ghazni welaýatynyň häkiminiň metbugat wekili Arif Noori öz janyndan geçen hüjümçiniň öň ogurlanan "Humvee" harby ulagyny ulanyp, ony bazanyň girelgesiniň golaýynda partladandygyny aýtdy.

"Talyban" hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alyp, netijede ýörite güýçleriň wekilleriniň "onlarçasyny" öldürendigini öňe sürdi.

Ghazni welaýatynyň resmisi Noori ýedi adamyň wepat bolandygyny we azyndan 40 adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

Welaýatyň geňeşiniň başlygy Wahidullah Jumazada hüjümde "Ghazni welaýatynyň howpsuzlyk boýunça milli müdirligine zarba urlandygyny" we pidalaryň "köpüsiniň aňtaw gullugynyň işgärleridigini" aýtdy.

Bu hüjüm Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghaniniň öz syýasy garşydaşy Abdylla Abdylla bilen wezipe paýlaşmak hakynda ylalaşyga gelip, 2019-njy ýylyň prezidentlik saýlawlaryndan bäri dowam eden syýasy krizisi soňlan pursadyna gabat geldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG