Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda suw joşgunyndan ejir çeken ýaşaýjylar protest geçirdi


Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Huroson etrabynyň ýaşaýjylary proteste çykyp, ýollary bekledi

Täjigistanda güýçli suw joşgunyndan we ýer süýşmesinden ejir çeken onlarça raýat esasy ýoly böwetläp, häkimiýetlere öz protestini bildirdi.

Protestçileriň 17-nji maýda beklän Bohtar-Duşenbe ýoly Hatlon welaýatyny ýurduň merkezi bilen birleşdirýär we Täjigistanyň Owganystan bilen serhedine barýar.

Huroson etrabynyň ýaşaýjylary ýaňy-ýakynda dörän weýrançylykly suw joşgunyndan we ýer süýşmesinden uly ýitgi çekdiler. Üç obanyň onlarça ýaşaýyş jaýy doly ýa-da bölekleýin ýumruldy.

Tebigy betbagtçylykda bir adam wepat boldy we ençeme adam ýaralandy. Şol bir wagtda-da, öýsüz galan ýerli ýaşaýjylar kömeksiz meýdanda galdy.

Ýerli polisiýanyň ýolbaşçysy protestçiler bilen gepleşik geçirýär.

Täjigistanda uly demonstrasiýalar seýrek bolýar. Ýurduň awtoritar lideri Emomali Rahmon 1997-nji ýylda tamamlanan graždan urşundan soň çärýek asyr ýurdy dolandyrýar.

Protestler hökümetiň COVID-19 pandemiýasy babatyndaky hereketlerine bildirilýän nägileliklere gabat gelýär. Ýaňy-ýakynda koronawirusy boýun almadyk ýurtda bu kesel bilen hasaba alnanlaryň sany 18-nji maýda 1524 adama ýetdi, 39 adam ýogaldy.

XS
SM
MD
LG