Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň Ýokary kazyýeti kärhanalara garşy girizilen çäklendirmeleri ýatyrýan karar çykardy


Pakistanly işçi adamlaryň arasynda sosial aralygy saklamagy görkezýän ýörite bellikleri reňkleýär.
Pakistanly işçi adamlaryň arasynda sosial aralygy saklamagy görkezýän ýörite bellikleri reňkleýär.

Pakistanyň Ýokary kazyýeti hökümete koronawirusyň ýaýramagyny haýallatmak maksady bilen söwda merkezlerine we kärhanalara garşy girizilen käbir çäklendirmeleri ýatyrmagy tabşyrdy.

Kazyýetiň çykaran karary dynç günleri ýapylan söwda merkezlerine we kärhanalara täsir edýär.

Kararda bazarlar açyk mahaly, söwda merkezlerini ýapmaga hiç hili esas ýokdugy aýdylyp, dynç günlerinde kärhanalaryň ýapyk bolmalydygy barada tabşyryk berilmegi üçin "makul ýa-da oýlanyşykly" esas tapylmady hem diýilýär.

Öňümizdäki dynç günlerinde musulmanlaryň Oraza baýramy bellenilýär. Bu baýramçylygyň golaýlamagy bilen, transportyň we bölek satuw söwdanyň adamlaryň köpçüligini özüne çekmegine garaşylýar.

Geçen hepde Pakistanyň häkimiýetleri tutuş ýurt boýunça petikleme çärelerini tapgyrlaýyn ýatyrmagyň çäginde bazarlaryň gaýtadan açylmagyna rugsat berdiler. Munuň netijesinde bazarlar derrew müşderilerden doldy.

Lukmanlar wirusyň çaltlyk bilen ýaýrap, saglyk ulgamyny çökerip biljekdigini aýdyp, çäklendirmeleriň gowşadylmagyna alada bildirdiler.

Johns Hopkins uniwersitetiniň maglumatlaryna görä, Pakistanda 42125 sany COVID-19 näsagy hasaba alyndy we bu keselden 903 adam öldi.

XS
SM
MD
LG