Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranly parkur türgeni romantiki suratlary çap edensoň tussag edildi


Alireza Japalaghy

Eýranly parkur türgeni we suratçy Alireza Japalaghy tussag edildi diýip, onuň oglan dogany 18-nji maýda beren maglumatynda aýtdy.

Maglumata görä, Japalaghy tussag edilmezden öň çap eden wideosynda, Instagramda suratlary we wideolary çap edenden sanlyja gün soň, howpsuzlyk resmileriniň özüni çagyrandygyny aýtdy. Bu wideolarda we suratlarda Eýranyň paýtagtyndaky üçeklerde Japalaghynyň sport geýmindäki we şortydaky näbelli bir aýal bilen ogşaşýan pursatlary görünýär.

“Tähranyň şapagy” diýlip atlandyrylýan suratlar Japalaghynyň 100000-den gowrak yzarlaýjysy bolan Instagram sahypasynda çap edildi we 19-njy maýda Aşgabat wagty bilen sagat 15:30 töwereginde bu suratlary görüp bolýardy.

Eýranda hereket edýän yslam kanunlaryna laýyklykda, aýallar köpçülikde saçyny we tenini ýapmaly bolýarlar. Biri-biri bilen baglanyşygy bolmadyk erkekleriň we aýallaryň köpçülikde ýakynlaşmagy gadagan edilýär.

Şeýle-de, yslam respublikasynda durmuş guran, nikalaşan jübütleriň köpçülikde biri-birine mähir-muhabbet görkezmegi bilen bagly ýagdaýlara seýrek duş gelse bolýar. Bu hereketleri amal eden adamlara ýurduň ahlak polisiýasy tarapyndan köplenç "ýerliksiz hereketler" diýlip, duýduryş haty berilýär.

Eýranyň häkimiýetleri Japalaghynyň tussag edilendigini tassyklamadylar.

Soňky ýyllarda onlarça eýranly sosial mediada çap eden maglumatlary, şol sanda tans wideolary we beýleki suratlar üçin tussag edildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG