Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp ABŞ-nyň BSG-ä berýän maliýe goldawyny hemişelik togtatmak barada haýbat atýar


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp 30 günüň içinde gowulaşma bolmasa, ABŞ-nyň Bütindünýä saglyk guramasyna (BSG) berýän maliýe goldawyny hemişelik togtatmak barada haýbat atdy. Ol BMG-niň saglyk guramasyny koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek üçin degişli çäreleri görmezlikde aýyplady.

Tramp bu baradaky haýbatyny 18-nji maýda BSG-niň baş direktory Tedros Adhanom Ghebreyesuse ýazan hatynda mälim etdi. Şeýle-de, ol Birleşen Ştatlaryň bu gurama agzalygyna täzeden seretjekdigini hem aýtdy.

Şol güni irden Tramp BMG-niň saglyk guramasyny "Hytaýyň gurjagy" diýip atlandyrdy.

Dünýäde tassyklanan 4,8 million koronawirus näsagynyň 1,5 milliondan gowragy Birleşen Ştatlarda ýerleşýär. ABŞ-da bu wirus sebäpli häzire çenli 90000-den gowrak adam öldi.

Geçen aý Tramp guramanyň bu wirusa garşy göreşiniň seljerilmeginiň arasynda, ABŞ-nyň BSG-ä berýän goşantlaryny wagtlaýyn togtatdy. Ol guramany koronawirus barada Hytaýyň "dezinformasiýasyny" ýaýratmakda aýyplady.

18-nji maýda BSG-niň dolandyryş edarasy guramanyň bu pandemiýa garşy halkara derejesinde nähili göreş alyp barýandygyny kesgitlemek barada garaşsyz baha bermek çäresini geçirmegi wada berdi.

Bu wada BSG-niň dolandyryş edarasynyň koronawirus pandemiýasy başlanyndan bäri geçiren ilkinji ýyllyk ýygnagynyň açylyşynda yglan edildi.

XS
SM
MD
LG