Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Eýranyň ýaragly gämileri juda ýakyn aralaşsalar, ‘goranyş çärelerini’ görjekdigini duýdurýar


Eýranyň üç gämisi aprelde Pars aýlagynda ABŞ-nyň harby gämisiniň golaýynda manýowr edýär.

ABŞ-nyň harbylary eger-de Pars aýlagynda Eýranyň ýaragly gämileri Birleşen Ştatlaryň harby gämilerine 100 metr aralykdan has ýakyn aralaşsalar, onda olaryň “howp hökmünde kabul edilip, gämilere garşy kanuny goranyş çäreleriniň görülip bilinjekdigini” duýdurdylar.

Bu baradaky duýduryş 19-njy maýda mälim edildi.

Geçen aýda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp çykyş edip, “Birleşen Ştatlaryň harby-deňiz güýçleriniň ýurduň deňizdäki gämilerine päsgelçilik döreden Eýranyň islendik we ähli ýaragly gämilerini atyp urjakdygyny” aýdypdy.

Birleşen Ştatlaryň harby-deňiz güýçleri duýduryşyň “soňky ýagdaýlary nazarda tutup, howpsuzlygy kepillendirmek, düşünişmezlikleri aradan aýyrmak we döräp biljek säwlik mümkinçiliklerini peseltmek maksatlaryndan ugur alnyp” ýaýradylandygyny belledi.

Aprelde ABŞ-nyň Bahreýnde ýerleşýän 5-nji floty Eýranyň Yslam Rewolýusiýa Sakçylary Korpusyny Pars aýlagynda Birleşen Ştatlaryň harby gämilerine tarap “howply we päsgelçilikli hereket etmekde” aýyplapdy.

Ençeme ýyllap Eýranyň uly bolmadyk gämileri Pars aýlagyndaky ýa-da Hormuz bogazyndaky Birleşen Ştatlaryň harby gämilerine ýakynlap, olara garşy päsgelçilikli hereketleri edip gelýärler.

Emma soňky dartgynlylyklar Birleşen Ştatlar bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklaryň has ýitileşen döwrüne gabat geldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG