Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň ýörite wekili Halilzad Kabula sapar edýär


ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad
ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad

ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad “Talybany” we owgan hökümetini petige dirän gepleşikleri başlatmaga razy etmek üçin Kabula sapar edýär.

Bu aralykda, ýurtda gazaplylygyň derejesi artyp, bu şu ýylyň başynda Waşington bilen “Talybanyň” arasynda gelnen ylalaşyga hem howp abandyrýar.

Prezident Aşraf Ganiniň edarasynyň maglumatyna görä, Halilzad Owganystana 20-nji maýda gelipdir. Mundan öň, ol Katarda “Talybanyň” wekilleri bilen hem gepleşikleri geçiripdir.

ABŞ-nyň wekiliniň saparyndan bir gün öň, ýagny 19-njy maýda jeňçiler agzaçar mahaly iki metjide hüjüm edip, azyndan 13 adamy öldüripdi.

Parwan welaýatynda amala aşyrylan hüjümde azyndan 10 adam öldi, başga-da 16-sy ýaralandy. Içeri işler ministrligi hüjümiň arkasynda “Talybanyň” durandygyny aýtdy. “Talyban” özüniň muňa ilteşiginiň ýokdugyny aýdyp, owgan howpsuzlyk güýçleriniň jogapkärdigini öňe sürdi. Parwan welaýatynyň polisiýa başlygynyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, hüjümi “Yslam döwleti” ekstremistiki toparynyň jeňçileriniň amala aşyrandygy çaklanylýar.

Ghost welaýatyndaky metjide amala aşyrylan hüjümde üç adam öldi. Bu hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady.

XS
SM
MD
LG