Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus premýeri Mişustin COVID-19-dan saplandy, wezipe borçlaryna dolandy


Russiýanyň premýer-ministri Mihaýil Mişustin
Russiýanyň premýer-ministri Mihaýil Mişustin

Russiýanyň premýer-ministri Mihaýil Mişustin COVID-19 wirusyndan saplanandan soňra öz wezipe borçlaryna dolandy diýip, Kreml 19-njy maýda habar berdi. Bu aralykda, Russiýada koronawirusa ýoluganlaryň sany 300 müňe golaýlady.

Mişustin 30-njy aprelde özünde wirusyň ýüze çykarylandygyny mälim etdi. Ol keselhanada mahaly onlaýn ýagdaýda birnäçe hökümet maslahatyny hem geçiripdi.

Russiýada soňky 24 sagadyň dowamynda koronawirus bilen kesellän täze 9 müň 263 ýagdaý hasaba alyndy. Russiýada umumy kesellänleriň sany 299 müň 941 bolup, bu dünýä boýunça ABŞ-dan soňra ikinji uly görkezijidir.

Russiýa wirusdan 2 müň 837 adamyň ölendigini aýdýar. Emma tankytçylar asyl sanlaryň peseldilip görkezilýändigini aýdyp, bu görkezijileri sorag astyna alýarlar.

Russiýada wirusa ýolugan ýokary derejeli resmileriň arasynda Putiniň metbugat-wekili Dmitriý Peskow, medeniýet ministri Olga Lýubimowa we gurluşyk ministri Wladimir Ýakuşew hem bar.

XS
SM
MD
LG