Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda edara işgärleri baýramda ýowara çykaryldy, prezidentiň saparyna garaşylýar


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Türkmenistanyň Mary welaýatynda adamlary dynç günlerinde mejbury-meýletin ýowarlara çykarmak dowam etdirilýär, esasy ugur ekin meýdanlary, galla oragynyň başlanýan ýerleri diýip, Azatlygyň Mary welaýatyndaky habarçysy habar berýär.

Döwlet edaralarynyň ählisini ýowara 10-15 adamdan ibermäge borçly etdiler. Ýowara iberilen adamlary bugdaý oragynyň başlanjak ýerlerinde, galla tabşyrylmaly ammarlary arassalamak işlerinde işledýärler diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanyň prezidenti Oraza baýramyny bellemek hakyndaky karara 22-nji maýda gol çekdi.

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, türkmen halkynyň milli baýramy bolan Oraza şu ýyl 24-nji maýda bellenilýär we 2020-nji ýylyň 24-nji maýyndaky dynç güni 25-nji maýa, birinji güne geçirildi.

XS
SM
MD
LG