Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kim Demirgazygyň ýadro mümkinçiliklerini güýçlendirmegiň maslahatyny etdi


Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Un
Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Un

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Un ýurduň ýadro arsenalyny güýçlendirmek we ýaragly güýçlerini ýokary hüşgärlik ýagdaýyna getirmek meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm harby ýygnak geçirdi diýip, döwlet mediasy 24-nji maýda habar berdi.

Demirgazyk Koreýanyň esasy gazeti Kimiň 20 günüň içinde ilkinji gezek köpçülige çykanyny görkezýän suratlary, 36 ýaşly lideriň gara penjekli çykyş edip durşuny görkezdi.

“Rodong Sinmun” gazetiniň çap eden suratlarynda gartaşan harby lybasly generallaryň Kimiň aýdan sözlerini gyssanmaç depderçelerine belläp alyşlary görkezilýär.

Kim şu aýyň başynda dökün fabriginiň ulanylmaga berilmegine bagyşlanan dabara gatnaşyp, saglygy barada ýygjamlaşan myş-myşlary ýatyrdy. Şondan öň ol 20 günläp jemgyýetçilige görünmedi.

Ýöne ol ýurduň resmi habar gullugy 24-nji maýda dolandyryjy Işçiler partiýasynyň Merkezi harby komissiýasynyň mejlisine ýolbaşçylyk edýändigini aýdýança, ýene 20 gün töwerege köpçülige çykmady.

Nirede geçirilendigi aýdylmaýan maslahatda “howp salýan daşary ýurt güýçleriniň” öňüni almak mümkinçiligini ýokarlandyrmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Görnüşinden, resmi habarda “howp salýan güýçler” diýlende, ABŞ-nyň we Günorta Koreýanyň harby güýçleri nazarda tutulýar.

XS
SM
MD
LG