Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda soňky jaňdan öň özüni heläkleýänleriň yzy kesilmeýär


Birmeňzeş geýnen okuwçy gyzlar
Birmeňzeş geýnen okuwçy gyzlar

Türkmenistanda soňky jaň dabaralary üçin harajat tapmaýan mekdep okuwçylarynyň öz janlaryna kast etmegi dowam edýär.

Azatlygyň Lebapdaky habarçysy öten agşam Farap etrabynda şu ýyl mekdebi tamamlaýan bir oglanyň mal ýataklarynda özüni asandygyny habar berdi. Ol öýlerinden saçyny bejertjegini aýdyp çykypdyr we gaýdyp yzyna gelmändir.

Şeýle-de Farapda üç gün ozal bir okuwçy gyzyň özüni asandygy habar berilýär. Aýdylmagyna görä, ol gyz soňky jaň dabarasynda geýmek üçin satyn almaly eşiklere, mekdepde soralýan pullary bermäge harajat tapyp bilmändir.

Soňky ýyllarda güýçlenen ykdysady krizis bilen baglylykda, mekdeplerde guralýan dabaralaryň ozalam güzerany ýeňil bolmadyk maşgalalary barha kyn ýagdaýa salýandygy habar berilýär.

Azatlygyň Daşoguzdaky çeşmesiniň şu gün beren maglumatyna görä, Aýböwür obasyndaky 77-nji mekdepde okuwy gutarýan her okuwçydan soňky jaň üçin 50 manatdan, Goşahowlydaky 45-nji mekdepde 60 manatdan pul ýygnaldy.

“Bu pullar şol gün okuwdan soň mekdebiň sport zalynda okuwçylaryň (gizlinlikde) tansyny guramak, hakyna tutulan aýdymça tölemek, direktora, mugallymlara sowgat almak üçin toplanýar” diýiň, çeşme ýazdy.

Onuň sözlerine görä, mekdeplerde ýygnalýan pullaryň möçberleri dürli-dürli bolup, kähalatda 100-130 manat aralygynda bolýar. Puluň köp ýygnalýan mekdeplerinde mugallymlara berilýän sowgatlaryň bahasy hem ýokary bolýar.

Şeýle-de çeşme soňky jaň dabaralaryna etrap ýolbaşçylarynyň hem gatnaşýandygyny, olara hem sowgat berilýändigini habar berýär.

Türkmenistanyň döwlet mediasynda bu ýagdaýlar barada hiç bir maglumat çap edilmeýär.

XS
SM
MD
LG