Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ilon Maskyň “SpaceX” kompaniýasy üsti kosmonawty kosmos gämisini uçurdy


Ilon Maskyň “SpaceX” kompaniýasy Halkara kosmos stansiýasyna pilotly “Crew Dragon” gämisini uçurdy, bu kosmos uçuşlarynyň taryhynda hususy kompaniýanyň kosmosa ilkinji gezek astronawtlary uçuryşy boldy.

“Crew Dragonyň” bortunda iki amerikan synagçy piloty – Duglas Hýorli we Robert Banken kosomasa uçdy.

“Falcon 9” raketa göterijisi Florida ştatyndaky Kaneweralda ýerleşýän kosmodromdan uçuryldy.

“Настоящее Время” kosmodromda bolup geçýän wakany göni efirde alyp görkezdi:

“SpaceX” astronawtlaryny kosmosa uçurmak ikinji synanyşykda mümkin boldy, 2020-nji ýylyň 27-nji maýyndaky uçuşy amatsyz howa şertleri üçin soňa goýmaly boldy.

Astronawtlaryň stansiýa çenli uçuşy 19 sagada golaý wagt alar.

“Crew Dragon” ekipažynyň missiýasy gäminiň orbita uçuşlary üçin ýaramlydygyna göz ýetirmekden ybarat, şeýle-de olar Halkara kosmos stansiýasyna awtomatiki ýagdaýda birleşmegi amala aşyrmaly.

Bu hususan-da geljekki pilotlar üçin möhüm, astronawtlaryň oňa öňki ekipaž bu ýeri terk eden halatynda hem girip bilmek mümkinçiligi bolmaly.

Häzirlikçe “SpaceX” kompaniýasynyň ýük gämileri HKS-a diňe manipulýator, ýagny emeli “el” arkaly birigip bilýär.

XS
SM
MD
LG