Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da tussag edilen wagty ýogalan garaýagyz adamyň ölümi sebäpli guralan protestler möwjeýär


Protestçiler dükan talaýarlar. Minnesota, 27-nji maý, 2020.
Protestçiler dükan talaýarlar. Minnesota, 27-nji maý, 2020.

Jyns deňligi babatda adalaty talap edýän demonstrantlar 30-njy maýda ABŞ-nyň birnäçe uly şäherinde ýöriş gurady, akýagyz polisiýa işgäriniň elinden ýene bir garaýagyz adamyň ýogalmagy sebäpli möwjän gahar-gazap ýurduň köp ýerinde içerki tolgunyşyklaryň döremegine alyp geldi.

Demonstrantlaryň köpüsi düzgün-tertibe üns bermän, ulag hereketiniň ýoluny baglady, ot ýakdy, aýna döwdi we polisiýa bilen çaknyşdy.

Protestler ilki, zorlukly hereketlere ýazmazyndan öň, asudalykda başlandy. Jorj Floýdyň ölümi sebäpli guralan we tutuş ýurdy gurşap alan protestler Nýu-Ýorkda, Waşingtonda, Atlantada, Çikagoda, Los-Anjelsde we beýleki ýerlerde köp adam çekdi.

Afrikan asylly amerikan, 46 ýaşly Floýd 25-nji maýda Minneapolisiň köçesinde, akýagyz ofiser tarapyndan eli gaňrylyp, dyz astyna alnyp, demi gysylyp saklanýan wagtynda, “Men dem alyp bilemok” diýip, gaýta-gaýta gygyranyndan soňra öldi.

Waşingtonda ýüzlerçe demonstrant Adalat ministrliginiň baş edarasynyň ýanyna ýygnanyp, "garaýagyzlaryň durmuş-ýaşaýyşlary wajyp" we "Men dem alyp bilemok" diýip gygyrdy.

Soň köp adam Ak tama tarap ýöriş etdi we burç sepýän polisiýa bilen ýüzbe-ýüz boldy. Ohaýo, Missuri, Wiskonsin, Tennessi we Minnesota ştatlarynda Milli gwardiýanyň esgerleri ýerleşdirildi.

XS
SM
MD
LG