Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ Moskwany Liwiýa uçar geçirmekde aýyplandan soň, Russiýa Siriýa söweş uçarlarynyň “ikinji tapgyryny” iberýär


ABŞ harbylary tarapyndan mälim edilen suratda Liwiýanyň howa giňişliginde uçýan MiG-29 rus söweş uçary görkezilýär.

ABŞ goşuny Moskwany Liwiýa söweş uçar geçirmek üçin Siriýadan peýdalanmakda aýyplamagyndan birnäçe gün soň, Russiýa has köp MiG-29 söweş uçarynyň Siriýa gowşurylandygyny tassyklady.

Russiýanyň Damaskdaky ilçihanasy 3-nji iýunda “goranyş hymatdaşlygynyň çäginde” ösen MiG-29 söweş uçarlarynyň Siriýa goşunyna gowşurylandygyny hem-de olaryň eýýäm uçuş missiýalaryny amala aşyrýandyklaryny aýtdy.

30-njy maýda Siriýanyň SANA habar agentligi günbatar Latakiýadaky Hmeimim rus howa bazasynda “ösen we döwrebaplaşdyrylan MiG-29 söweş uçarlaryny” gowşurmak dabarasynyň geçirilendigini we 1-nji iýunda başlap uçarlaryň Siriýanyň howa giňişliginde uçuş missiýalaryna başlaýandygyny habar berdi.

Howa güýçleri bilen Siriýanyň hökümetini we prezident Başar al-Assady goldap gelýän Russiýa, Günbatar ýurtlary, BMG derňewçileri we hukuk toparlary tarapyndan ýurduň dokuz ýyllyk raýat urşunda parahat ilady bombalamakda we uruş jenaýatlarynda aýyplanýar.

Uçarlaryň gowşurylmagy ABŞ goşunynyň maýyň ahyrynda Moskwany Demirgazyk Afrika ýurdunyň halkara derejede ykrar edilen hökümetine garşy söweşýän ýerli meýdan komandirine kömek berýän rus hakyna tutmalary goldamak üçin Liwiýa söweş uçralaryny ugratmakda aýyplamagynyň yzýanyna gabat geldi.

ABŞ-nyň Afrika Serkerdeligi 14 sany MiG-29 söweş uçarynyň hem-de SU-24 bombalaýjy uçaryň Siriýanyň üsti bilen Liwiýa iberilendigini we olaryň ilki Hmeimim howa bazasynda maskirowka üçin reňklenendigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG