Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentlik saýlawlarynyň öňýany Belarus prezidenti hökümeti işden aýyrdy


Belarus prezidenti Alýaksandr Lukaşenka
Belarus prezidenti Alýaksandr Lukaşenka

Prezidentlik saýlawlaryndan iki aý öň Belarusyň prezidenti Alýaksandr Lukaşenka öz hökümetini işden aýyrdy diýip, döwlet mediasy habar berýär.

“Prezident iş başyndaky hökümeti işden aýyrmak kararyna geldi. Degişli karara gol çekildi” diýip, “Belarus 1” teleýaýlymy 3-nji iýunda habar berdi.

Prezident saýlawyny 9-njy awgustda geçirmeklik meýilleşdirilýär we onda 65 ýaşly Lukaşenkanyň altynjy möhlete bu wezipä täzeden saýlanmagyna garaşylýar.

1994-nji ýylda Lukaşenka häkimiýet başyna geçeli bäri geçirilen saýlawlaryň hiç haýsy Günbatar ölçeglerine görä erkin ýa-da adalatly hasap edilmedi.

Belarus prezidentlik möhlet çäklendirmelerini 2004-nji ýylda ýatyrdy. Lukaşenkanyň tankytçylary onuň hökümetiniň dürli pikirlilige we garaşsyz metbugata az çydamlylyk görkezýändigini aýdýar.

Geçen aý Human Rights Watch (HRW) prezident saýlawlarynyň öňýany “eden-etdilikli tussag etmeleriň täze tolkuny bilen” Belarus häkimiýetleriniň protestçilere, oppozisiýa bloggerlerine, žurnalistlere we beýleki hökümet tankytçylaryna basyşy güýçlendirýändiklerini duýdurdy.

XS
SM
MD
LG