Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19 Amerika yklymyna agyr degdi, Sanjym sammiti serişde toplamagy maksat edinýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Global sanjym sammiti COVID-19 sanjymy üçin hem-de pandemiýa sebäpli togtadylan immunlaşdyrmak maksatnamalaryny goldamak üçin 7,4 milliard dollar ýygnamagy umyt edýär.

Global Sanjym Ýaranlygynyň (GAVI) bu maliýeleşdiriş tagallalary tapyljak COVID-19 sanjymynyň hemmeler üçin elýeterliligini gazanmagy, onuň önümçiligini giňeltmegi hem-de ösüp gelýän ýurtlaryň sanjym üpjünçiligini goldamagy maksat edinýär.

Global Sanjym Ýaranlygy we onuň hyzmatdaşlary gyzamyk we poliomiýelit ýaly kesellere garşy çagalar üçin adaty immunlaşdyrmak çärelerini hem goldamak isleýärler.

Koronawirus pandemiýasy onlarça ösüp gelýän ýurduň immunlaşdyrmak maksatnamalaryna päsgelçilik döretdi we Birleşen Ştatlaryň Bütindünýä Saglyk Guramasyndan çekilmegi bilen, guramada maliýe kynçylyklaryna garaşylýar.

Onlarça kompaniýa we ylmy barlag merkezleri COVID-19-a garşy sanjym tapmagyň üstünde işleýär, dalaşgärleriň ençemesi heniz barlag işleriniň irki tapgyryndadyrlar.

Saglyk hünärmenleriniň ençemesi sanjymyň 2021-nji ýyla çenli tapylmazlygynyň we giňden elýeterli bolmazlygynyň mümkindigini aýdýarlar. Hatda Bütindünýä Saglyk Guramasy sanjymyň düýbünden tapylmazlygynyň hem mümkindigini we wirusyň endemik kesele öwrüljekdigini duýdurdy.

Jons Hopkins uniwersitetiniň sanlaryna görä, täze koronawirus geçen ýylyň ahyrynda ýüze çykaly bäri dünýä boýunça 6,5 million adama ýokaşdy we 386 müňden gowrak adamyň janyny aldy.

Latyn Amerikasy global gyzgyn nokada öwrüldi we ABŞ ştatlary ýuwaş-ýuwaşdan petiklenmeleri gowşatsa-da, ýurt wirusyň öňüni almakda kösenýär.

XS
SM
MD
LG