Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze hasabatda Honk Kong we Aşgabat dünýäniň iň gymmat 1-nji we 2-nji şäherleri saýlandy


Aşgabat şäheri
Aşgabat şäheri

9-njy iýunda çap edilen täze hasabatda Honk Kong daşary ýurtlular üçin dünýäniň iň gymmat şäheri diýlip yglan edildi. Bu hasabatda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri bolsa, ikinji orunda ýerleşdirildi.

Honk Gong daşary ýurtlular üçin esasan-da ýaşaýyş jaý bahalarynyň gymmat bolmagy sebäpli "Mercer" kompaniýasynyň “Cost of Living Survey” diýlip atlandyrylan hasabatynda tapgyr ikinji ýyl 1-nji orunda hasaba alyndy.

9-njy iýunda ýaýradylan hasabatda 209 şäherdeýaşaýyş-durmuş üpjünçiligine degişli çykdajylaryň, şol sanda gündelik sarp edilýän harytlaryň we hyzmatlaryň 200 sanysy deňeşdirilýär. Olaryň düzümine ýaşaýyş jaý bahalary, transport, azyk, öý goşlary, göwnüňi açmak we güýmenje üçin niýetlenen hyzmatlar girýär.

Türkmenistan aşa ýokary inflýasiýany we senagat harytlaryny hem-de çig mallary import etmek üçin ýokary çykdajylary başdan geçirýänligi sebäpli, sanawda Aşgabat 2-nji orunda ýerleşdirildi.

Hasabatda Tokio 3-nji we Zurih 4-nji orny eýeledi. Şweýsariýanyň başga-da iki şäheri daşary ýurtlular üçin dünýäniň iň gymmat 10 şäheriniň arasynda ýerleşdirildi.

Bu hasabatda Singapur 5-nji we Nýu-Ýork 6-njy orunda hasaba alyndy.

XS
SM
MD
LG