Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak aýallary hökümetden maliýe, ýaşaýyş jaý kömegini talap edýär


Gazagystanyň Zähmet we sosial goldaw ministrliginiň öňünde oturyp, protes geçirýän aýal-gyzlar. 9-njy iýun, 2020 ý.

Gazagystanda koronawirus çäklendirmeleri gowşadylýan mahaly, az girdejili maşgalalardan bolan gazak aýal-gyzlary hökümetden kömek soramagyny dowam etdirýärler.

20 töweregi aýal tutuş gije Gazagystanyň Zähmet we sosial goldaw ministrliginiň öňünde oturandan soň, 9-njy iýunda "sessiz protest" diýlip atlandyrylýan çäresini gaýtadan dowam etdirdi.

Ýüzüne ab “X” belgili sanitariýa maskalaryny geýen aýallar munuň özlerine “gürlemäge rugsat berilmeýändigi baradaky fakty” alamatlandyrýandygyny aýtdylar.

Şeýle-de, olar “Mätäç maşgalalar üçin arzan ipoteka”, “Her bir çaga maliýe goldawy”, “Garyp maşgalalaryň bank karzlary üçin amnistiýa” we “Biz açlyk yglan etdik” diýen plakatlary hem göterdiler.

Geçen ýylyň fewral aýyndan bäri Nur-Soltanda we beýleki gazak şäherlerinde az girdejili aýal-gyzlar tarapyndan ýörişler hem-de piketler yzygiderli geçirilýär. Bu ýörişler we piketler bir maşgaladan bäş çaganyň, ene-atasy işleýän wagtynda, gije ýangynda ölmeginiň yzýany geçirilip başlandy.

Bu betbagtçylyk tutuş ýurtda gahar-gazap döredip, demonstrasiýalaryň geçirilmegine getirdi. Protestçiler birnäçe çagasy bolan maşgalalara döwlet tarapyndan berilýän goldawyň ýokarlandyrmagyny talap etdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG