Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Almatyda takmynan ýüz adam “Aktiwistler ekstremist däl” diýip, ýöriş geçirdi


Almatydaky ýöriş.
Almatydaky ýöriş.

13-nji iýunda, altynjy gün agşamlyk ýüz töweregi adam Almaty şäheriniň merkezine ýygnanyp, Panfilow pyýada köçesinde ýöriş etdi. Ýörişe gatnaşanlar saz gurallaryny çaldylar, käbiri tans etdi.

"Subbotaž" diýip atlandyran pyýada ýöriş üç sagat dowam etdi, ýagny ýerli wagt bilen sagat 19-dan 22-ä çenli aralykda geçirildi.

Mitinge gatnaşyjylar “Aktiwistler ekstremist däl” we “Alғa, Gazagystan!” ("Öňe, Gazagystan!") diýip gygyrdylar.

Azatlygyň Gazak gullugynyň habarçysy ýöriş wagtynda polisiýasynyň gapdaldan seredip duran işgärlerini gördi. Tussag edilen bolmady.

"Olar bize miting geçirmek rugsadyny bermeýärler, şonuň üçin biz şunuň ýaly toplanyp, bir ýere ýygnanyşmak, tans etmek, rahat wagt geçirmek isleýäris" diýip, ýörişe gatnaşan aktiwist Ashat Žeksebaýew aýtdy.

Syýasy talaplar bilen ýekelikde piketlere çykan, hasaba alynmadyk "Köçe partiýasy" hereketiniň tarapdary bolan Žeksebaýew "tertibi we parahatçylykly ýygnanyşyk geçirmek düzgünlerini bozmakda”aýyplanyp, birnäçe gezek administratiw tussaglyga sezewar edildi.

XS
SM
MD
LG