Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanlylar maşgaladaky zorluga garşy onlaýn ýöriş gurarlar


Susa etrabyndaky maşgala zorlugyna bagyşlanan surat. Awtory: Tatýana Zelenskaýa

14-nji iýunda instagramdaky @tajadymm sahypasynda sagat 21:00-da maşgaladaky zorluga garşy onlaýn ýörişi geçiriler.

Mitingi guraýjylaryň biri bolan Çolpon Abdrahmanowa teleýaýlym alyp baryjy Nazira Aýtbekowanyň, aktiwist Zerenyň we beýlekileriň çykyş etmegine garaşylýandygyny aýtdy.

“Maşgaladaky zorluk bilen baglanyşykly soňky wakalar ýaşaýjylara has güýçli täsir etdi. Şol sebäpden bu meseläni ara alyp maslahatlaşmak we bu hadysany ýazgarmak üçin onlaýn ýörişini geçirmek kararyna geldik "diýip, ol aýtdy.

Şu hepde sosial ulgamlarda bir erkegiň eli daňlan we boýnundan iki teker asylan bir aýalyň üstüne suw guýýandygyny görkezýän wideo peýda boldy. Ol diňe bir suw guýup hem oňmandyr, ol aýalyň ýüzüne eli bilen birnäçe gezek urupdyram.

Wideonyň Suzak etrabynda düşürilendigi we ondaky erkek bilen aýalyň är-aýaldygy belli boldy.

Ejir çeken aýal, 47 ýaşly pida polisiýa şikaýat etdi. Onuň adamsy 15 günlük tussag edildi. Jelalabat sebitiniň Içeri işler bölümi bu waka boýunça deslapky derňew işini geçirýär.

Bu waka, aýal-gyzlaryy goramak ugrunda çykyş eden aýallaryň hem goşulmagy bilen, jemgyýetde jedel, çekişme döretdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG