Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa Komissiýasy Täjigistana koronawirusa garşy göreş üçin 112,2 million ýewro berdi


Bezeg suraty

Koronawirus ýokuşmalaryna global garşylyk görkezmegiň çäginde saglygy goraýyş, bilim we jemgyýetçilik hyzmatlaryny güýçlendirmek we COVID-19-a garşy durmak üçin Ýewropa Komissiýasy Täjigistana 112,2 million ýewro berýändigini yglan etdi.

"Koronawirus pandemiýasy bize we hyzmatdaşlarymyza, raýatlara we ykdysadyýete ýaramaz täsirini dowam etdirýär. Ýewropa Bileleşigi Täjigistana koronawirus howpuna garşy göreşmek we uzak möhletleýin saglygy goraýyş we sosial-ykdysady zerurlyklary kanagatlandyrmak üçin 112,2 million ýewro goldaw berýär” diýip, 22-nji iýulda ÝB-niň Halkara hyzmatdaşlyk komissary Ýutta Urpilaýnen aýtdy.

“Täjigistan saglygy goraýyş pudagyny ösdürip biler we ýaş täjikler krizis döwründe-de ýokary hilli bilim alar, şeýlelikde olar soň işe girmek üçin uly mümkinçiliklere eýe bolar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýewropa Komissiýasynyň habaryna görä, kömek paketi Saglygy ösdüriş programmasyndan (52.2 million ýewro), Ýokary hilli bilimi goldamak programmasyndan (50 million ýewro) we Raýat hasaba alyş reformasyny goldamak programmasyndan (10 million ýewro) ybarat.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG