Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Serhet ulgamynda korrupsiýa meselesini gozgan gyrgyz ofiseri tarpa-taýyn aradan çykdy


Talgat Alanow

Gyrgyzystanyň Serhet gullugynyň işgäri, edaradaky korrupsiýa aladalaryny köpçülige ýetiren ofiser tarpa-taýyn aradan çykdy.

Resmiler onuň "ýürek agyrmasyndan" ölendigini aýtdylar, ýöne garyndaşlary onuň saglyk problemasynyň bolmandugyny aýdýarlar. Serhet gullugy 22-nji iýulda 38 ýaşly polkownik Talgat Alanowyň bir gün öň, günorta Oş sebitindäki garyndaşlaryny görmäge baranda ölendigini aýtdy.

Alanowyň dogany Daniýar Azatlyk Radiosyna ofiseriň günortanlyk naharyndan soň birden özüni erbet duýandygyny we sebitiň paýtagty Oşdaky keselhana äkidilen wagtynda, tiz kömek ulagynda ölendigini aýtdy. Ofiser ertesi gün yslam däplerine laýyklykda jaýlandy. Jesediň düzgün esasynda medisina barlagyndan geçirilendigi ýa-da däldigi belli däl.

Alanow noýabr aýynda Bişkekdäki žurnalistlere serhet goragçylarynyň ýokary wezipeleri we çinleri almak üçin para bermelidigini aýdandan soň, metbugat habarlaryna düşdi. Şeýle-de Alanow ýokary derejeli resmilere gowşurmak üçin para ýygnaýan ofiserleriň atlaryny mälim etdi.

Serhet gullugy Alanowyň sözlerini ret etdi we ony Ýaragly güýçleriň içerki gullugynyň düzgünnamasyny bozmakda aýyplady. Soňra ol töhmet atmakda aýyplaýan bäş ofiser tarapyndan suda berildi.

Öňki Sowet Soýuzynyň köp döwletinde bolşy ýaly, Gyrgyzystan hem giň korrupsiýadan ejir çekýär we bu ýagdan garyplykdan çykyp bilmezligine sebäp bolýar.

Jürlewükçileriň döwlet edaralaryndaky korrupsiýa faktlaryna ünsi çekmek synanyşyklary köplenç başa barmaýar, sebäbi hukuk goraýjy edaralar we kazyýetler ýurduň elitasyna garaşly bolmagynda galýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG