Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen we özbek liderleri telefonda gürleşip, keçelçiligiň sebäbini howadan 'gözledi'


Türkmen we özbek prezidentleri Hazar deňzinde gämili gezim edýär. Arhiw suraty
Türkmen we özbek prezidentleri Hazar deňzinde gämili gezim edýär. Arhiw suraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 24-nji iýulda özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýewe telefon edip, ony Muhammet pygamberiň ýaşy — 63 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady diýip, TDH habar berýär.

Döwlet baştutanlary täze görnüşli koronawirus ýokanjynyň pandemiýasy barada hem pikir alyşdy. Döwlet eýeçiligindäki habar gullugy prezidentleriň “bu howply keseliň ýaýramagyna garşy göreşde ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamak, yzygiderli ýagdaýda arassaçylyk — karantin çäreleriniň geçirilmek” barada gürrüň edendiklerini belleýär.

“Aral bilen baglanyşykly umumy meselelere aýratyn üns berildi, bu deňziň guramagy howa, ekologiýa ýagdaýyna, Aralýaka sebitde hem-de onuň çäklerinden alyslarda ýaşaýan ilatyň saglygyna ýaramaz täsirini ýetirdi” diýip, habarda aýdylýar.

Türkmen prezidenti biraz öň Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýewi doglan güni bilen gutlanda hem häzirki keselçilik ýagdaýlaryny “howanyň hapalanmagy” bilen baglanyşdyrmaga çalşypdy. Bu özbek lideri bilen bolan telefon söhbetinde hem gaýtalandy.

Türkmen prezidentiniň “tebigy ýagdaýlaryň dürli ýokanç keselleriň Aral zolagynda emele gelýän tozanly howa akymlary arkaly uzak aralyklara ýaýramagyna täsir edip biljekdigi” baradaky pikirini özbek lideri hem goldady we Aral deňziniň guran ýerlerinde sazak ekilýändigini gürrüň berdi.

Türkmenistan sebitde ýurtda hiç bir koronawirus hadysasyny resmi taýdan tassyklamadyk ýeke-täk ýurt bolmagynda galýar we Saglyk ministrligi häkimiýetleriň ýüz maskalaryny geýmek baradaky görkezmesini howadaky tozanyň artmagy bilen düşündirdi.

XS
SM
MD
LG