Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tsapkala: Eger-de köpçülikleýin protestler dörese, Lukaşenka gaçar


Waler Tsapkala

Belarus prezidenti Aleksandr Lukaşenkanyň bosgunlykdaky bäsdeşiniň sözlerine görä, ýetip gelýän prezidentlik saýlawlarynyň netijeleri boýunça närazy adamlaryň uly sany köçelere çyksa, onda Lukaşenka güýç ulanmakdan çekiner.

Lukaşenkanyň 26 ýyllyk awtoritar häkimiýetiniň 9-njy awgustda geçmeli prezidentlik saýlawlarynyň öňüsyrasynda barha gowşaýana meňzeýär. Şol bir wagtda, synçylaryň köpüsi Lukaşenkanyň galplyk we garşydaşlaryna garşy repressiýalary ulanyp, nobatdaky möhlete prezident saýlanjakdygyny çaklaýarlar.

Emma Lukaşankanyň çynlakaý bäsdeşi hökmünde garalýan, belli telekeçi we ozalky ilçi Waler Tsapkalanyň pikirine görä, eger-de saýlaw güni we ondan soň ýüzlerçe müň adam köçelere çykyp protest geçirse, onda Lukaşenka ýurdy terk edip gaçar.

Tsapkala ‘Nastoýaşeýe Wremýa’ kanalyna beren interwýusynda eger-de köçelere köp sanly adam çyksa, onda Lukaşenkanyň ‘uçara münüp, nirädir bir ýerlere gidip biljekdigine ynanýandygyny’ aýtdy.

Tsapkalanyň pikirine görä, Lukaşenka birnäçe müň protestçini dargatmak üçin polisiýa we howpsuzlyk güýçlerine ýüz tutup biler, emma ýüzlerçe müň adamlyk demonstrasiýalary dargatmak üçin harbylaryň güýjünden ulanmakdan çekiner.

Belarus resmileri Tsapkala we meşhur blogger Sýarheý Tsikhanouski ýaly dalaşgärleri saýlawlara kandidat hökmünde hasaba almadylar.

Tsapkala Babaryka we Tsikhanouski ýaly tussag edilmeginden howatyr edip, Belarusy terk etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG