Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ispaniýanyň ozalky şasy, korrupsiýa derňewiniň arasynda, ýurdy terk etdi


Ispaniýanyň ozalky şasy Huan Karlos I
Ispaniýanyň ozalky şasy Huan Karlos I

Ispaniýanyň ozalky monarhy Huan Karlos I, onuň uly mukdarda para alyp-almandygy boýunça geçirilýän derňewiň arasynda, ýurdy terk etmek kararyna gelendigini aýtdy.

Şa Köşgüniň beýanatyna görä, 82 ýaşly ozalky şa bu barada ogly şa Felipe hat üsti bilen mälim edipdir.

Iýunda Ispaniýanyň Ýokary sudy Huan Karlosyň Saud Arabystanynda gurulmaly ýokary tizlikli demirýol gurluşyk kontraktyna dahyllylygy boýunça derňew işini açdy. Mundan öň, Şweýsariýanyň gazeti Huan Karlosyň Saud Arabystanynyň ozalky şasyndan 100 million dollar möçberinde pul alandygy barada maglumat çap edipdi.

Huan Karlos özüniň aklawçy arkaly bu barada kommentariýa bermekden ýüz öwürdi. Onuň häzir nirededigi hem belli däl.

XS
SM
MD
LG