Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pakistan 9-njy awgustdan başlap halkara uçar gatnawlaryna rugsat berýär


Koronawirus pandemiýasy sebäpli uçuşlary togtadaly bäri dört aýdan gowrak wagt geçensoň, Pakistan 9-njy awgustdan halkara uçuşlaryny doly dowam etdirjekdigini habar berdi.

Päkistanyň Raýat awiasiýasy edarasynyň 8-nji awgustdaky beýanaty hökümetiň ähli ykdysady we sosial pudaklary açjakdygy yglan edileninden bir gün soň çap boldy.

Hökümet mart aýynyň ahyrynda koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin tutuş ýurt boýunça petikleme girizensoň, Pakistan ýurtdaky içerki we halkara täjirçilik uçuşlarynyň ählisini togtatmak kararyna geldi.

Soňra, çäklendirmeler kem-kemden ýeňilleşdirildi we käbir ugurlar boýunça halkara we içerki gatnawlara rugsat berildi.

6-njy awgustda häkimiýetler ýurduň ähli howa menzillerinde içerki gatnawlaryň täzeden başlanmagyna rugsat berdiler.

8-nji awgustda Pakistan soňky 24 sagadyň dowamynda koronawirusdan bary-ýogy 14 adamyň ölendigini habar berdi we COVID-19 bilen baglanyşykly umumy ölüm derejesini 6068-e ýetirdi.

Pandemiýa başlaly bäri Pakistan 283,487 adamda koronawirus ýokuşmasynyň hasaba alnandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG