Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Orsýete garşy sanksiýa girizmegi pikirlenýär, NATO Nawalnynyň zäherlenmegini  maslahatlaşýar 


NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg
NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg

NATO goranyş ýaranlygynyň agzalary 4-nji sentýabrda Orsýetiň oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň harby derejeli nerw agenti bilen zäherlenmegini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýörite mejlis geçirýär.

30 agzaly Günbatar harby ýaranlygynyň bu mejlisde Orsýeti doly we aç-açan derňew geçirmäge resmi taýdan çagyrmagyna garaşylýar, ýöne bu meselede görülmegi mümkin has anyk çäreleriň bada-bat yglan edilmegi mümkin bolup görünmeýär.

Germaniýa 2-nji sentýabrda toksikologiýa synaglarynyň agyr keselli kreml tankytçysynyň “Nowiçok” nerw agenti bilen zäherlenendigini "ikuçsyz subut edendigini" aýtdy.

44 ýaşly Nawalnyý 20-nji awgustda Sibirden Moskwa uçuş wagtynda keselledi we barýan uçaryny Omsk şäherine gyssagly gonmaga mejbur etdi.

Ol Germaniýa ewakuasiýa edilmezden ozal iki günläp rus keselhanasynda huşsuz ýatdy. Häzir ol Berlindäki Çarite keselhanasynyň agyr näsaglar bölüminde, emeli dem alyş astynda, huşsyz ýagdaýda saglyk kömegini alaýar. Orsýet häzire çenli gaçalak edýär we özüniň Nawalnyý meselesindäki jogapkärçiliginden boýun towlaýar.

XS
SM
MD
LG