Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik aklawçysy prezidentlige dalaş etjekdigini aýdandan soň howpsuzlyk gulluklary tarapyndan sorag edildi


Faromuz Ergaşew
Faromuz Ergaşew

30 ýaşly täjik aklawçysy 11-nji oktýabrda geçiriljek saýlawda prezidentlige dalaş etmek niýetini yglan edenden soň howpsuzlyk işgärleri tarapyndan sorag edildi.

Milli howpsuzlyk komitetiniň sebit edarasynyň birnäçe işgäri 4-nji sentýabrda Faromuz Irgaşewiň gündogar Horug şäherindäki öýüne geldi.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň "Amerikanyň sesi" (VOA) bilen hyzmatdaşlykda rus dilinde gepleşik taýýarlaýan “Häzirki zaman” telekanaly aklawçynyň maşgalasyna salgylanyp, howpsuzlyk işgärleriniň ony "uzak aralyga ýöremek" we gürleşmek üçin alyp gidendigini habar berdi.

Dagly-Badahşan sebit geňeşiniň agzasy Irgaşew 3-nji sentýabrda sosial mediada çap edilen wideosynda ýurtdaky korrupsiýa we adalatsyzlyklara garşy göreşmek üçin prezidentlige dalaş etmek isleýändigini mälim etdi. Irgaşew saýlawçylaryň arasynda "köp tarapdarynyň" bardygyny aýtdy.

Täjigistanyň dolandyryjy Halk demokratik partiýasy öňki Sowet Soýuzynda uzak wagt bäri häkimiýet başynda oturan prezident Emomali Rahmony resmi taýdan ýene bir möhlete dalaşgärlige hödürledi.

Berk gözegçilikde saklanýan öňki sowet respublikasynda köp adam Rahmonyň ýene ýeňiji diýlip yglan edilmegine garaşýar.

Täjigistanda Rahmonyň ýeňiş gazanan bäş prezident saýlawynyň hiç biri-de günbatar saýlaw synçylary tarapyndan erkin we adalatly hasaplanmady. Rahmon 1992-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda otyr.

Oppozisiýadaky Sosial-demokrat partiýasy ýakynda geçiriljek ses berişligi boýkot etjekdigini habar berdi. Ýurduň iň uly oppozisiýa topary bolan "Yslam Galkynyş" partiýasy 2015-nji ýylda "terror guramasy" hökmünde gadagan edildi.

XS
SM
MD
LG