Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ýitirim bolan belarus oppozisiýa guramaçysy “tussag edildi”, Germaniýa “aýdyňlyk” talap edýär


Mariýa Kalesnikawa

Belarusyň serhet gullugynyň resmileri we şaýatlar oppozisiýanyň esasy guramaçysynyň 8-nji sentýabrda irden ýurduň Ukraina bilen serhedinde tussag edilendigini aýdýarlar. Bu waka Minskden onuň şübheli alnyp gaçylmagy we prezident Alýaksandr Lukaşenkanyň beýleki tankytçylarynyň ýitirim bolmagy bilen baglanyşykly soraglara jogap berilmegini talap edip, halkara derejesinde çagyryşlaryň edilýän mahalyna gabat geldi.

Habar berlişine görä, Mariýa Kalesnikawa we ýitirim bolan beýleki iki oppozisiýa guramaçysy – geňeşiň metbugat wekili Anton Randýonkau we ýerine ýetiriji sekretary Iwan Krautsouat – irden sagat 05:00-da “Alýaksandrauka” serhet geçelgesine bardy.

Olaryň üçüsi, ýurduň saýlaw resmileri 9-njy awgustda geçirilen saýlawda Lukaşenkany ýeňiji diýip yglan edeninden bäri, häkimiýetiň parahatçylykly geçişine basyş eden Utgaşdyryjy Geňeşiň möhüm şahsyýetleridir. Olar 7-nji sentýabrda ýitirim bolandan soň, kärdeşleri alada bildirip çykyş etdiler.

Belarus Döwlet serhet komitetiniň wekili Anton Byçkouski ilki üç guramaçynyň ýurtdan gidendigini aýtdy.

Emma Belarusyň döwlet telewideniýesi Biçkouskiniň sözlerine salgylanyp, Utgaşdyryjy Geňeşiň prezidiumynyň agzasy Kalesnikawanyň serhetden geçmäge synanyşanda tussag edilendigini we beýleki iki guramaçynyň Ukraina geçendigini aýtdy.

Bir şaýat Kalesnikawanyň 7-nji sentýabrda irden daşynda "Aragatnaşyk" diýlip ýazylan mikroawtobusa mündürilip, näbelli ýere äkidilendigini habar berdi.

Häzirki wagtda Ýewropa Bileleşigine ýolbaşçylyk edýän Germaniýa olaryň "niredediginiň aýdyňlaşdyrylmagyny we Belarusdaky ähli syýasy tussaglaryň boşadylmagyny" talap etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG