Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran “planlaşdyrylan” hüjüm sebäpli iki yraklyny we bir eýranlyny azatlykdan mahrum etdi


Eýranyň kartasy
Eýranyň kartasy

Tähranyň kazyýeti Yslam döwleti (YD) söweşiji topar tarapyndan meýilleşdirilendigi öňe sürülýän öz janyna kast etmek missiýasyna gatnaşandygy üçin iki yraklyny we bir eýranlyny türme tussaglygyna höküm etdi. Bu barada hökümet eýeçiligindäki “Iran” gazeti habar berýär.

Olaryň ählisiniň jikme-jik beýan edilmeýän, ýöne planlaşdyrylandygy aýdylýan hüjümi amala aşyrmak üçin üç ýyl ozal Yrak-Eýran serhedinden geçen 21 agzaly toparyň bir bölegidi aýdylýar. Olar 6-njy sentýabrda höküm edildi.

Eýranda YD toparynyň agzalarynyň sud edilmegi baradaky habarlara seýrek duş gelse bolýar. Geçmişde bu ekstremist topar Eýrana yzygiderli haýbat atypdy.

Tussag edilende 14 we 17 ýaşynda bolan yraklylar “moharebehde” ýa-da Eýranda ölüm jezasyna çenli höküm edilip bilinjek hudaýa garşy söweş alyp barmakda aýyplanyp, bäş ýyl azatlykdan mahrum edildi. Şeýle-de, olar ýarag saklamakda hem aýyplanyp, goşmaça ýene bir ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Olaryň Yragyň aňtaw gullugyna tabşyryljakdygy habar berilýär.

“Iran” gazeti üçünji eýran raýatynyň tussag edilen mahaly 16 ýaşyndadygyny aýdyp, onuň hem şuňa meňzeş aýyplamalar esasynda bäş ýyl azatlykdan mahrum edilendigini belleýär.

Habarda iki yrakly we bir eýranly tussag edilende 18 ýaşyna ýetmändigi üçin ölüm jezasynyň berilmändigi hem aýdylýar.

XS
SM
MD
LG