Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda mermer käninde bolan heläkçilikde azyndan 19 magdançy öldi


Pakistanyň kartasy
Pakistanyň kartasy

Pakistanyň resmileri ýurduň demirgazyk-günbataryndaky mermer käninde gaýanyň süýşmegi netijesinde azyndan 19 magdançynyň ölendigini we başga-da bäş sanysynyň harabalygyň arasynda galandygyny aýdýarlar. Halas ediş gullugynyň işgärleri wakanyň bolan ýerinde gözleg işlerini dowam etdirýärler.

Bu heläkçilikde başga-da alty magdançynyň ýaralanandygy aýdylýar.

Waka 7-nji sentýabrda giçlik Pakistanyň Owganystan bilen serhediniň golaýynda ýerleşýän Haýber-Puhtunhwa welaýatynyň Mohmand etrabynda boldy.

Häkimiýetler halas ediş işleriniň ilkinji tapgyrynda harabalykdan sekiz jesediň çykarylandygyny aýdyp, 8-nji sentýabrda has köp jesediň tapylandygyny belleýärler.

Resmiler heläkçilige nämäniň sebäp bolandygyny anyklamak üçin derňew işleriniň geçirilýändigini bellediler.

XS
SM
MD
LG