Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kremliň tankytçysy we rus aktýory Ýefremow sekiz ýyl azatlykdan mahrum edildi


Mihail Ýefremow

Kremliň aç-açan tankytçysy we rus aktýory Mihail Ýefremow içgili ulag sürüp barýan mahaly, bir adamy öldürenligi üçin sekiz ýyl azatlykdan mahrum edildi.

8-nji sentýabrda Moskwanyň Presnenskiý etrap sudunda kazy Ýelena Abramowa Ýefremowy günäli tapyp, şol güni hem türme tussaglygyna höküm etdi.

5-nji awgustda kazyýet işi başlanda Ýefremow 8-nji iýunda agşam bolup geçen hiç zady ýadyna düşürip bilmeýändigini aýdyp, özüniň günälidigini boýun almady. Ýöne ol 3-nji sentýabrda birden pozisiýasyny üýtgetdi we kazyýetde günäni boýun alýandygyny aýtdy.

Prokuror Diana Galiullina kazyýetden Ýefremowy 11 ýyl azatlykdan mahrum etmegi sorady.

Soňky ýyllarda 56 ýaşly Ýefremowyň prezident Wladimir Putin we onuň alyp barýan syýasatlary baradaky satira çykyşlary gaty meşhur boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG