Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ çozuşyndan ýigrimi ýyla golaý soň owgan parahatçylyk gepleşikleri açylýar


Parahatçylyk gepleşikleriniň geçiriljek zaly.

ABŞ-da 11-nji sentýabrda bolup geçen we Owganystany weýran eden ganly konflikte, on müňlerçe adamyň öldürilmegine alyp gelen terror hüjümlerinden on dokuz ýyl soň, ýurtda parahatçylygy üpjün etmek üçin gepleşik geçirilýär.

Owganystanyň hökümet işgärleri, “Talyban” ekstremistleri we ABŞ resmileri gepleşikleriň 12-nji sentýabrdaky açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Kataryň paýtagty Doha şäherine geldiler.

"Uzak wagtlap söweşýän taraplar “häzirki kyn ýagdaýlara laýyklykda aýgytly karara gelmeli we, ...hiç bir ýeňiji we ýeňlen ýok diýen esasda ylalaşyk gazanyp, bölünişigiň ähli görnüşlerinden ýokarda bolmaly” diýip, Kataryň daşary işler ministri Şeýh Muhammet bin Abdulrahman Al Tani aýtdy.

“Men biziň ýurdumyzyň taryhynyň şu güni urşuň we görgülerimiziň soňlanan güni hökmünde ýatda saklajakdygyny ynam bilen aýdyp bilerin” diýip, ozalky owgan ministri, owgan gepleşik toparyna ýolbaşçylyk edýän Abdullah Abdullah aýtdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo dabarada çykyş edip, gepleşikleriň başlamagynyň "möhüm pursat" bolandygyny aýtdy.

Ol "Talybanyň" terrorçy elementlere pena bermezlige ygrarldygyny aýtdy. Waşington Katarda, “Talybanyň”wekilhanasynyň ýerleşýän ýerinde parahatçylyk gepleşiklerine araçylyk etdi.

TDH-nyň 12-nji sentýabrda beren maglumatyna görä, Daşary işler ministri Reşit Meredowyň baştutanlygynda, Türkmenistanyň wekiliýeti hem bu gepleşikleriň açylyş dabarasynawideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy.

Wise-premýer Meredow öz çykyşynda Türkmenistanyň Owganystanda sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny berkitmäge gönükdirilen hereketleri goldaýandygyny belledi diýip, habarda aýdylýar.

Şeýle-de neşir türkmen tarapynyň sebitde ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin beýleki hyzmatdaş ýurtlar we halkara guramalary bilen gatnaşyklara taýýardygyny aýdandygyny habar berýär..

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG