Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

BSG COVID-19 bilen kesellänleriň iň ýokary gündelik sanyny hasaba aldy


INFOGRAFIKA: Bütin dünýäde COVID-19 keseliniň tassyklanan sany

Bütindünýä saglyk guramasy täze koronawirusyň ýaýramak depginine degişli gündelik sanynyň ýokarlanandygyny hasaba aldy. Dünýäde 24 sagadyň dowamynda ýene 307 930 adam keselläpdir.

Bu, bir hepdäniň dowamynda bir güne degişli iň ýokary görkezijiden 1000 töweregi adam artyk.

BSG 13-nji sentýabrda 24 sagadyň dowamynda 5500 töweregi täze ölümiň hasaba alnandygyny we ölenleriň jemi sanynyň 917 417 adama ýetendigini aýdýar.

Kesel ýokaşmasy iň köp ýüze çykan ýurtlar Hindistan, ABŞ we Braziliýa.

Geçen ýylyň ahyrynda koronawirus epidemiýasy başlaly bäri bütin dünýäde 28,6 milliondan gowrak kesellän adam hasaba alyndy, olaryň ýarysy Amerikada.

Bütindünýä saglyk guramasynyň habaryna görä, Hindistan 13-nji sentýabrda 94 372 täze keselläniň bardygyny habar berdi, ondan soň ABŞ-da 45 523 adam, Braziliýa 43 718 adam koronawirus bilen hasaba alyndy.

ABŞ-da we Hindistanda 1000-den gowrak täze ölüm hasaba alyndy, Braziliýa bolsa geçen 24 sagatda COVID-19-dan 874 adamyň ölendigini mälim etdi. Hindistan tassyklanan COVID-19 ýagdaýlarynyň sany boýunça ABŞ-dan soň ikinji ýerde durýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG