Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek raýatlygyny almak düzgünleri ýeňilleşdirildi


Özbek pasporty
Özbek pasporty

Özbegistanda ýurduň raýatlygyny almagy ýeňilleşdirmegi maksat edinýän raýatlyk baradaky kanunçylyga girizilen goşmaçalar 15-nji sentýabrda güýje girdi.

Prezident Şakwat Mirziýoýew tarapyndan 13-nji sentýabrda gol goýlan karara laýyklykda, Özbegistanda doglan, emma özbek raýatlygy bolmaýan ýurduň daşynda ýaşaýan adamlar, ozalky düzgünlerden tapawutlylykda, ýagny Özbegistanda azyndan bäş ýyl ýaşamak şertini berjaý etmezden raýatlyga ýüz tutup bilerler.

Şeýle-de, 1995-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan ozal Özbegistana girip, özbek raýatlygyny almadyk ýa-da belli bir raýatlygy bolmadyk adamlar, ýurtda kanuny ýagdaýda ýaşan bolsalar, onda olara dessine özbek raýatlygy berler.

Özbegistanyň raýatlygyna kabul edilenleriň çagalary awtomatiki ýagdaýda özbek raýatlygyna eýe bolarlar.

Kanuny taýdan özbek raýatlygyna geçmek isleýänler özbek dilinde aragatnaşyk gurup bilmeli; şeýle-de ýurduň kanunçylygynyň iki raýatlygy kabul etmeýändigi sebäpli, beýleki döwletiň raýatlygyndan ýüz öwürmeli bolarlar.

XS
SM
MD
LG