Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň başlygy “gözegçilikden çykýan” pandemiýanyň arasynda global ýaraşyk çagyryşyny gaýtalar


BMG-niň baş sekretary Antonýu Guterriş
BMG-niň baş sekretary Antonýu Guterriş

Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) baş sekretary Antonýu Guterriş COVID-19 pandemiýasynyň heniz hem “gözegçilik astynda däldigini” aýtdy. Dünýä boýunça koronawirus ölümleriniň sany “şu wagta çenli iň agyr sepgide”, 1 million adama golaýlaýar.

Guterriş 16-njy sentýabrda geçiren metbugat ýygnagynda koronawirusyň dünýäde birinji derejeli global howpsuzlyk wehimidigini aýtdy. Ol öňümizdäki hepde esasan wirtual geçiriljek Baş Assambleýanyň dowamynda dünýä liderleriniň öňünde etjek çykyşynda ýylyň ahyryna çenli global ýaraşygyň saklanmagy üçin halkara jemgyýetçiligine berk ýüz tutjakdygyny aýtdy.

Guterriş ilkinji gezek 23-nji martda global ýaraşyga çagyrypdy.

Guterriş çykyş edýän wagty, Jons Hopkins uniwersitetiniň hasabatyna görä, dünýäde COVID-19 ölümleriniň sany 939,456 adama ýetdi.

Bütin dünýä boýunça tassyk bolan wakalaryň sany 29,7 million adama ýetdi. Soňky wagtlarda pandemiýanyň gyzgyn nokadyna öwrülen Hindistan 17-nji sentýabrda gündelik wakalaryň rekord sanyny hasaba aldy. Ýewropanyň käbir böleklerinde wakalaryň ýokarlanmagy alada döredýär.

16-njy sentýabrda Germaniýa Wenany, Budapeşti, Amsterdamy we başga-da birnäçe regiony koronawirus boýunça “töwekgelçilikli sebitleriň” sanawyna goşdy we şol ýerlerden barýan syýahatçylaryň ählisinden karantinde galmagy talap eder.

XS
SM
MD
LG