Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Belarusyň oppozisiýa lideri BMG-niň hukuk guramasyna ýüzlenýär


Swetlana Tihanowskaýa

Belarusyň oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa 18-nji sentýabrda geçen aýdaky saýlawlardan soň başgaça pikirleri basyp ýatyrmak meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin Ýewropa Bileleşigi tarapyndan çagyrylan wideomaslahatda BMG-niň Adam hukuklary geňeşine ýüzlener.

ÝB BMG-niň hukuk guramasynyň başlygy Mişel Baçeleti (Michelle Bachelet) müňlerçe adamyň tussag edilen, ýüzlerçe adamyň polisiýa tarapyndan ýenjilen we gynamalaryň giň ýaýran ýurdy diýlip habar berlen Belarusdaky ýagdaýlara ýakyndan gözegçilik etmäge çagyrdy.

Baçelet şu hepdäniň başynda bu aýyplamalaryň "günäkärleri jogapkärçilige çekmek nukdaý nazaryndan dokumentleşdirilmelidigini we derňelmelidigini" aýtdy.

Belarus oppozisiýasy we Günbatar prezident Aleksandr Lukaşenkanyň galplaşdyrylan saýlawlarda 26 ýyllyk dolandyryşyny uzaldandygyny öňe sürýärler.

9-njy awgustda geçirilen ses berişlikden soň Litwa gaçyp, ýeňiş gazanandygyny öňe süren Tihanowskaýa 17-nji sentýabrda oppozisiýanyň we adam hukuklary toparlarynyň demonstrantlara garşy zorluga gatnaşandygy aýdylýan resmileriň we howpsuzlyk işgärleriniň sanawyny taýýarlaýandygyny aýtdy.

Ol bu sanawyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary, ÝB we beýlekiler bilen paýlaşyljakdygyny aýtdy.

“Men howpsuzlyk güýçlerine zorlugy bes etmegi we Belarus halky bilen bir tarapda bolmagy teklip edýärin. Ýogsa siz adalatly suddan we jezadan gaçyp gutulmarsyňyz” diýip, Tihanowskaýa Telegram kanalynda eden çykyşynda aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG