Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan 1-nji oktýabrdan halkara uçar gatnawlaryna girizilen gadaganlygy ýatyrar


Uçar menzilinde galyp, özbek prezidentinden kömek soraýan özbek aýaly. Arhiw suraty

Özbegistan 1-nji oktýabrdan başlap Merkezi Aziýa ýurtlaryna we halkara gatnawlaryna girizilen uçar gadaganlygyny ýatyrjakdygyny aýdýar.

Hökümet komissiýasy 17-nji sentýabrda, ýurduň koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly düzgünleri ýerine ýetirmek şerti bilen, halkara syýahatçylary üçin açyk boljakdygyny aýtdy.

Özbegistan howply wirusyň ýaýramagyny haýallatmak maksady bilen, mart aýynyň ortalarynda serhetlerini ýapdy we beýleki ýurtlar bilen ulag aragatnaşygyny togtatdy.

Bu döwürde diňe çarter uçuşlary we ýörite otlylar işledi we olar Özbegistanda galan daşary ýurtlulary yzyna gaýtarmak üçin ulanyldy.

18-nji sentýabrda Özbegistanda hasaba alnan koronawirus nasaglarynyň sany 49,761 adam boldy, şol sanda 415 adam öldi. 46 092 adamyň bu keselden saplanandygy aýdylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG