Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň Hukuk guramasy Belarusdaky hukuk bozulmalaryna gözegçilik üçin ÝB kararyny kabul etdi


 Minskde urlup-ýenjilen ýüzlerçe adamyň biri arkasyny görkezýär.
Minskde urlup-ýenjilen ýüzlerçe adamyň biri arkasyny görkezýär.

BMG-niň Adam hukuklary geňeşi prezident Aleksandr Lukaşenkanyň işinden aýrylmagyny talap edýän demonstrantlara garşy basyşlar wagtynda Belarusda ýol berlendigi aýdylýan hukuk bozulmalaryna has ýakyndan gözegçilik etmek üçin Ýewropa Bileleşigi tarapyndan hödürlenen karary kabul etdi.

Bu çäre Orsýetiň Lukaşenkany goldamak, 18-nji sentýabrda kabul edilen karary gowşatmak üçin eden tagallalaryna garamazdan görüldi.

Geňeş BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary Mişel Baçeletiň edarasyna Belarusdaky ýagdaýlara ýakyndan gözegçilik etmek we ýylyň ahyryna çenli dilden öz tekliplerini taýýarlamak ygtyýarlygyny bermek barada ylalaşyga geldi.

Belarusyň Daşary işler ministrligi BMG-niň bu gören çäresiniň "howply görelde" döredendigini aýtdy we geňeşi öz ýurdunyň içerki işlerine goşulmakda aýyplady.

ÝB karary 47 döwletiň agzalygyndaky Ženewa forumynda 23 ýurt goldap ses bereninden soň kabul edildi. Ses berişlikde iki ýurt bu kararyň kabul edilmegine garşy çykdy, 22 ýurt ses bermekden saklandy.

Ses bermeýän we synçy hökmünde seredýän Orsýet rezolýusiýa 17 düzediş girizdi, ýöne olaryň hemmesi ret edildi.

XS
SM
MD
LG