Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Azerbaýjanda türmede oturan oppozisiýa syýasatçysy öý tussaglygyna geçirildi


Tofik Ýakublu täzeligi

Azerbaýjanda şu aýyň başynda dört ýyldan gowrak türme tussaglygyna höküm edilen oppozisiýa syýasatçysy Tofik Ýakublu açlyk çekýän wagtynda ýüze çykan saglyk kynçylyklary sebäpli keselhana ýerleşdirilmek zerurlygy üçin öý tussaglygyna geçirildi.

Sudýa Elmar Rahimow 18-nji sentýabrda Ýakublunyň höküm şertlerini üýtgedende, oppozisiýadaky “Musawat” partiýasynyň başlygynyň 59 ýaşyndaky orunbasary, Demokratik güýçleriň Milli geňeşiniň uly agzasy Baku keselhanasynda bejergi alýardy.

Biraz soň Ýakublu hassahanadan çykdy we binanyň daş işiginde garyndaşlaryna, kärdeşlerine, onlarça tarapdaryna ýüzlendi.

“Goldawyňyz üçin köp sag boluň, adalat we hakykat ugrundaky göreş dowam eder. Men öz pozisiýamy üýtgetmedim we maňa bildirilýän ähli aýyplamalary galp hasaplaýaryn. Sudlar, sülçüler we olaryň şaýatlary, bularyň ählisi jenaýat işini galplaşdyrmaga gatnaşan adamlar, olar munuň üçin jogapkärçilige çekilmeli” diýip, Ýakublu aýtdy.

Ýakublu “bozgaklykda” günäkärlenip, 3-nji sentýabrda, ýol-köçe hadysasyndan soň dörän dawa sebäpli dört ýyl üç aý azatlykdan mahrum edildi.

Syýasatçy mart aýynda, awtoulag çaknyşygyndan soň tussag edildi.

Derňewçiler Ýakubluny beýleki sürüjä garşy "huligançylyk etmek üçin açar ulanmakda" aýyplady, ol bu aýyplamany ret etdi.

Düýbi Osloda ýerleşýän Adam hukuklary öýi gaznasy bu onuň öý tussaglygyna geçirilmegini gutlady, ýöne hökümeti Ýakublunyň işini ýatyrmaga çagyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG