Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabulyň baş gepleşikçisi: Tussaglykdan boşadylan “Talyban” jeňçileri söweş meýdanyna dolanýar


Ýokary milli ylalaşyk geňeşiniň başlygy Abdullah Abdullah
Ýokary milli ylalaşyk geňeşiniň başlygy Abdullah Abdullah

Parahatçylyk gepleşikleriniň çäginde owgan hökümeti tarapyndan boşadylan bir topar “Talyban” tussagy söweş meýdanyna dolanýar diýip, Kabulyň baş gepleşikçisi Abdullah Abdullah aýdýar.

Taraplaryň tas her meselede diýen ýaly ylalaşykdan çetde galýandygy barada berilýän habarlara garamazdan, Owganystanyň Milli ylalaşyk geňeşiniň başlygy Abdullah 12-nji sentýabrda Dohada başlanan gepleşikleriň oňyn barýandygyny aýtdy.

Ýöne Abdullah gepleşikleriň çäginde owgan häkimiýetleri tarapyndan boşadylan 5,000 Talyban tussagynyň käbiriniň (ýöne olar köplük däl) hökümete garşy söweşe gaýtadan dowam edendigini aýtdy.

“Men olaryň käbiriniň söweş meýdanyna dolanandygyny bilýärin. Bu olaryň gelen ylalaşygynyň bozulmagydyr” diýip, Abdullah 22-nji sentýabrda ABŞ-nyň Daşary gatnaşyklar geňeşi bilen geçirilen wideomaslahatda aýtdy.

Dowam edýän gepleşiklere garamazdan, Owganystanda zorlugyň derejesi peselmedi. Abdullah “Talyban” bilen fewral ylalaşygynyň bir bölegi hökmünde parahatçylyk prosesini başladan Waşingtony hem-de jeňçiler bilen aragatnaşyk saklaýandygy öňe sürülýän Pakistany ýaraşyk üçin “Talybana” basyş etmäge çagyrdy. Abdullah 2008-nj ýyldan bäri ilkinji gezek ýakyn wagtlarda Pakistana sapar etmegi meýilleşdirýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG