Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Protestlere garamazdan, Lukaşenko birden Belarusyň prezidenti hökmünde kasam kabul etdi


“BelTA” Alýaksandr Lukaşenkanyň inagurasiýa dabaryna “birnäçe ýüz” ýokary wezipeli resminiň çagyrylandygyny habar berdi,

Belarusyň prezidenti Alýaksandr Lukaşenka geçen aýda bolan saýlawlar boýunça geçirilýän köpçülik protestleriniň fonunda wagty öňe çekilen garaşylmadyk inagurasiýa dabarasynda altynjy möhlete prezidentlik wezipesine kasam kabul etdi.

“BelTA” resmi habar agentligi 23-nji sentýabrdaky dabara “birnäçe ýüz” ýokary wezipeli resminiň çagyrylandygyny habar berdi, ýöne hakykatda oňa kimleriň we näçe adamyň gatnaşandygyny aýtmady.

“BelTA” Lukaşenkanyň sag elini konstitusiýa goýup, prezidentlik wezipesine kasam kabul edendigini, soňra kasama gol çekendigini aýtdy. Belarusyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Lukaşenka Belarus respublikasynyň prezidentiniň şahadatnamasyny gowşurdy diýip, “BelTA” aýdýar.

Lukaşenka özüni altynjy möhlete wezipä getiren 9-njy awgust prezidentlik saýlawlarynyň netijelerine garşy geçirilýän ozal görlüp-eşidilmedik umumymilli protestleriň arasynda 26 ýyllyk dolandyryşynyň iň uly päsgelçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Belarus halky ses berişligiň onuň peýdasyna galplaşdyrylandygyny öňe sürüp, Lukaşenkany wezipeden çekilmäge hem-de azat we adalatly saýlawlary geçirmäge çagyrýar.

Oppozisiýa lideri Swýatlana Tihanowskaýa inagurasiýa dabarasyny geçirmek boýunça islendik synanyşygyň “bikanundygyny” duýdurdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG