Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Putin Milli gwardiýanyň “Harby-syýasy işi hakynda” karar kabul etdi


Rosgwardiýanyň esgerleri we polisiýa ofiserleri Moskwanyň merkezinde patrullyk edýär

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin ýurduň Milli gwardiýasyna “harby-syýasy işi” girizmegi buýruk berdi. Bu karar gwardiýanyň hatarynda Sowet usully syýasy-ideologik bilimiň berilmegine ýol açýar.

Putiniň 21-nji sentýabrda gol çeken kararynda täze tejribäniň jikme-jikligi aýdylmaýar. Ýöne bu karar Milli gwardiýanyň (Rosgwardiýanyň) ýolbaşçysy Wiktor Zolotowyň Russiýanyň bu federal gullugyna “harby-syýasy mugallymlaryň institutyny” girizmek meýilnamalaryny mälim etmeginiň yz ýany kabul edildi.

2016-njy ýylda Içeri işler ministrliginiň goşunlaryndan döredilen Milli gwardiýa ýaragly güýçleriň düzümine girmeýär we prezidentiň Milli howpsuzlyk geňeşiniň başlygy wezipesiniň çäginde oňa hasabat berýär.

Goşun generaly Zolotow Howpsuzlyk geňeşiniň agzasy bolup, ol Putine wepadarlykda tanalýar.

Täze çäre goşunlara syýasy ideologiýa we propaganda täliminiň berilmegine gaýdyp gelinmeginiň soňky alamatydyr. Bu tejribe 1919-njy ýylda Sowet Russiýasynda başlady we 1991-nji ýylda Sowet Soýuzynyň dargamagy bilen soňlandy

Moskwadaky Karnegi merkeziniň Russiýada içerki syýasat programmasynyň uly ylmy işgäri we başlygy Andreý Kolesnikow Milli gwardiýanyň roluny giňeldýän üýtgedilen kanuna Russiýada “rewolýusiýa taýýarlyk” hökmünde seredilmelidigini teklip etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG